Türkmenistanda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda 12 mlrd dollardan gowrak möçberde 17 maýa goýum taslamasy hasaba alyndy

Türkmenistanda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda 12 mlrd dollardan gowrak möçberde 17 maýa goýum taslamasy hasaba alyndy

Şu güne çenli Türkmenistanda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 12 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan 17 maýa goýum taslamasy hasaba alyndy. Bu barada 15-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen döwlet Baştutanynyň Seula döwlet saparynyň barşynda geçirilen Türkmen-koreý işewürlik forumynda eden çykyşynda mälim etdi diýip, TDH habar berýär.

«Bu ýagdaý koreý işewürleriniň Türkmenistany ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görýändiginiň, şeýle hem gatnaşyklarymyzyň uly kuwwatynyň bardygynyň aýdyň subutnamasydyr» diýip, Prezident belledi.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda koreý kompaniýalarynyň ýurtda işlemekde baý tejribe toplandygyny nygtady.

«Şunuň bilen baglylykda, «LX International Corp» we «Hyundai Engineering Co., Ltd.» kompaniýalarynyň gatnaşmagynda “Galkynyş” gaz käninde tebigy gazy kükürtden arassalaýan zawodyň hem-de Gyýanlyda polimer zawodynyň gurlandygyny bellemek gerek. Mundan başga-da, «SK networks» kompaniýasynyň gatnaşmagynda Aşgabatda ýol hereketiniň howpsuzlyk ulgamyny ornaşdyrmak we konsalting hyzmatlaryny etmek boýunça işler amala aşyryldy» diýip, Prezident belledi.

«Häzirki wagtda Türkmenistanda «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.», «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.», «Korea Meditech Co., Ltd.» we beýleki koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda birnäçe maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär. Ýakyn wagtda durmuşa geçirilip başlanjak geljegi uly taslamalar boýunça gepleşikler alnyp barylýar» diýip, Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdirdi.

«Biz Koreýa Respublikasyny diňe bir möhüm tehnologik we maýa goýum hyzmatdaşy hökmünde däl, eýsem senagaty döwrebaplaşdyrmakda, sanlylaşdyrmakda we ýokary tehnologiýaly önümçilikleri ösdürmekde öňdebaryjy tejribä eýe bolan döwlet hökmünde-de hasaplaýarys. Türkmenistan bolsa öz gezeginde baý tebigy serişdelere, durnukly energetika binýadyna, amatly geografik ýerleşişe hem-de iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçiliklere eýedir» diýip, Prezident aýtdy.

«Biz ýurdumyzda Koreýanyň işewürler jemgyýetiniň geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi üçin ähli zerur şertleri döretmäge we hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardyrys» diýip, Türkmenistanyň Baştutany nygtady.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993