Seulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary derejedäki gepleşikler Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde 15-nji sentýabrda geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde möhüm hyzmatdaşlaryň biri bolup çykyş edýän Koreýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär.
Prezident Li Çže Mýon Türkmenistanyň uly tebigy serişdelere eýe bolan ykdysady taýdan kuwwatly döwletdigini nygtady. Giň gerimli bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy diňe bir senagat hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini görkezmän, eýsem iki döwletiň hem-de olaryň halklarynyň bähbitlerine hyzmat edýär.
Bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Serdar Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, Türkmenistan koreý kompaniýalarynyň türkmen bazaryndaky işine ýokary baha berýär, olaryň gatnaşmagynda birnäçe strategik taýdan möhüm taslamalar eýýäm amala aşyryldy we häzir hem durmuşa geçirilýär.
Türkmen döwletiniň Baştutany maýa goýumlar, söwda, energetika, senagat, logistika, himiýa senagaty, demir ýol ulagy, emeli aň, ylym we tehnologiýalar, suw serişdelerini dolandyrmak, ekologiýa ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge biziň ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistan we Koreýa Respublikasy maýa goýumlary höweslendirmek we özara goramak barada hökümetara ylalaşyga gol çekdiler, şeýle hem hyzmatdaşlyk boýunça giň gerimli resminamalar toplumyny baglaşdylar. Olaryň hatarynda gümrük hyzmatdaşlygy barada ylalaşyk, himiýa senagaty, emeli aň, demir ýol ulagy, suw serişdelerini dolandyrmak ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamalar bar.
Serdar Berdimuhamedow geljek ýylda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 35 ýyllygyny giňden bellemegi teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen lideri Li Çže Mýo-ny 2027-nji ýylda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Saparyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň iň gadymy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan, 1398-nji ýylda esaslandyrylan Songýungwan uniwersitetine baryp gördi. Bu ýerde Serdar Berdimuhamedowa sebit dialogyny ösdürmäge we ykdysadyýeti sanly taýdan özgertmäge goşan goşandy üçin syýasy ylymlaryň hormatly doktory diýen at dakyldy.