Bloomberg: Saud Arabystany Aziýa üçin nebitiň bahalaryny ýokarlandyryp biler

Bloomberg: Saud Arabystany Aziýa üçin nebitiň bahalaryny ýokarlandyryp biler

Treýderleriň indiki aýda spot bahalaryň peselmegine garaşýandygyna garamazdan, Saud Arabystany Aziýa üçin nebitiniň bahalaryny sentýabrda ýokarlandyrar. Bu barada Praým agentligi Bloomberge salgylanyp habar berýär. Geljek aýlar nebit bazary üçin aýgytly bolup biler diýip, treýderler hasaplaýar.

Aziýa sentýabrda ibermesi bilen Arab Light nebiti Oman/Dubai baha markeri bilen deňeşdirilende rekord dereje ýokary bahadan satylyp bilner. Bloomberg tarapyndan sorag edilen median bahalandyrmalaryna laýyklykda, premiýa barrel üçin 10,80 dollara barabar bolup biler. Şol bir wagtda Aziýa NGIZ-leriň maržalarynyň aşaklamagy Saud Arabystanynyň nebitine islegiň peselmegine getirip biler diýip, treýderler belleýär.

Nebitiň dünýä boýunça bahalary iýul aýynda 2020-nji ýylyň ahyryndan bäri bassyr ikinji aý aşaklamany görkezip biler. Nebit üçin fýuçersleriň kotirowkalary ABŞ-da çökgünlik howatyrlanmasy, pul-kars syýasatynyň güýçlendirilmegi we Hytaýyň koronawirusa garşy göreş çäreleri netijesinde basgy astynda galdy. Şol bir wagtda fiziki bazarda bahalar häzirlikçe ýokary bolmagynda galýar. Saudi Aramco sentýabr üçin resmi goýberiş bahalaryny geljek hepdede neşir eder.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993