TIF 2026 Maýa goýum forumy: täze işewürlik gatnaşyklary üçin mümkinçilikler

TIF 2026 Maýa goýum forumy: täze işewürlik gatnaşyklary üçin mümkinçilikler

Aşgabatda «Ýyldyz» myhmanhanasynda 1–2-nji oktýabrda geçiriljek Türkmenistanyň maýa goýum forumy TIF 2026-a dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 200-den gowrak daşary ýurt kompaniýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşar. Forumyň çäklerinde geçiriljek mejlisleýin çykyşlardan başga-da, kompaniýalaryň wekilleri bilen gepleşikler meýilleşdirilýär, bu bolsa täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga hem-de anyk teklipleri we taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berer.

Bellige alnan her bir wekile gatnaşyjynyň şahsy otagyna hem-de TIF 2026-nyň mobil goşundysyna girmäge rugsat berilýär. Goşundyda gatnaşyjylaryň sanawy bilen tanşyp, kompaniýalaryň işi barada maglumat alyp, olaryň wekillerini tapmak bolar. Gyzyklanýan guramany saýlap, duşuşyk üçin haýyş ibermek ýeterlikdir, wagty we ýerini bolsa taraplar öz aralarynda ylalaşarlar. Muny häzirden etmek bolýar, şonuň bilen forumyň başlamagyna çenli işewürlik gepleşikleriniň maksatnamasyny taýýarlamak mümkin bolar.

Forumda ýapon işewürligi aýratyn giň gerimde görkeziler: Mitsubishi Corporation, Mitsubishi Heavy Industries, ITOCHU, Sumitomo Corporation, Kawasaki Heavy Industries kompaniýalary hem-de Mizuho banky.

Koreýa Respublikasyndan Samsung C&T we Daewoo Engineering kompaniýalary, Germaniýadan bolsa John Deere, CLAAS, WIRTGEN Group we Siemens Energy kompaniýalary foruma gatnaşarlar. Nebit-gaz pudagyna TotalEnergies, Dragon Oil, ADNOC, Siemens Energy, MHI we Tatneft kompaniýalary wekilçilik eder. Maliýe pudagyny Oppenheimer & Co we Moody's, hukuk pudagyny Fieldfisher, tehnologiýa pudagyny bolsa Canaan we Bitdeer kompaniýalary wekilçilik eder.

Bank pudagy hem giň gerimde görkeziler: Bütindünýä banky we Halkara maliýe korporasiýasy (IFC), Aziýa ösüş banky, ÝBRÖB, Yslam ösüş banky we Hytaýyň Eksport-import banky.

Forumyň işewürlik maksatnamasyna iki günüň dowamynda geçiriljek sekiz sany mowzuklaýyn mejlis girýär: nebitgaz we himiýa, energetika we gurluşyk, ulag we logistika, söwda we agrobiznes, halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlyk, innowasiýalar we «ýaşyl» özgertme.

Forumyň başlamagyna az wagt galdy, Guramaçylyk topary ähli mümkin bolan wekillere bellige alnyşyň 22-nji sentýabrda tamamlanýandygyny ýatladýar.

Forum barada giňişleýin maglumat resmi saýtda ýerleşdirilendir: tif-turkmenistan.com

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993