Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy

17-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy.

Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan ýubileý sergi geçen 35 ýylyň dowamynda Garaşsyz Türkmenistanyň ýokary depginler bilen ösýändigini we öz ykdysady kuwwatyny artdyrýandygyny aýdyň görkezýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen gutlagynda bu gözden geçirilişde diňe bir Türkmenistanyň gazananlary däl, eýsem geljekki üstünlikleriň girewine öwrüljek täze başlangyçlaryň, taslamalaryň hem görkezilýändigi aýratyn bellenilýär.

Döwlet Baştutanynyň ýüzlenmesinde nygtalyşy ýaly, «şu gün Türkmenistan ýokary tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň esasynda çalt depginler bilen ösýän, giň gerimli başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet hökmünde tanalýar».

Sergi merkeziniň meýdançasynda döwlet düzümleri hem-de hususy işewürler öz diwarlyklaryny görkezdiler. Gatnaşyjylaryň arasynda ýangyç-energetika toplumynyň, ulag, gurluşyk, himiýa, oba hojalyk we milli ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň kärhanalary bar. Aşgabat hem-de täze «akylly» Arkadag şäheriniň häkimlikleri, welaýatlar hem öz sergiliklerini ýaýbaňlandyrdylar.

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, şeýle-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň diwarlyklarynda kartalaryň we görkezme serişdeleriniň kömegi bilen milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudaklarynyň depginli ösüşi beýan edilýär.

Şeýle hem ösüp barýan infrastruktura, häzirki wagtda özleşdirilýän we işläp taýýarlanylýan nebitgaz ýataklary, tebigy gazyň daşary ýurtlara ugradylýan häzirki we geljekki ýollary, beýleki ýerasty baýlyklaryň gorlary görkezilýär.

Birinji günüň wakalarynyň arasynda maýa goýum taslamalarynyň we ýerli öndürijileriň önümleriniň tanyşdyrylyşlary bar. Ýörite meýdançada ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we hususy kompaniýalar Garaşsyzlygyň 35 ýylynda pudaklaryň ösüş görkezijilerini beýan etdiler. Ekspozisiýalarda dokma we azyk senagatynyň täzelikleri, gurluşyk serişdeleri hem-de sanly işläp taýýarlamalar görkezilýär.

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi 19-njy sentýabra çenli dowam eder.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993