Azerbaýjan 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistandan 36 müň 571 tonna AI-92 belgili awtomobil benzinini import etdi diýip, angy.ru nebitgaz habarlar agentligi habar berýär.
Şol bir wagtda türkmen ýangyjynyň importynyň umumy möçberi 41,7 mln amerikan dollaryna barabar boldy. Bu görkeziji babatda Türkmenistan Azerbaýjana AI-92 belgili benzini iberijileriň arasynda ikinji orny eýeledi.
Azerbaýjana awtomobil ýangyjyny ibermek boýunça birinji orny Russiýa eýeledi, bu ýurtdan importuň möçberi 109 müň 184,1 tonna önüme deň boldy, jemi bahasy 125,6 mln amerikan dollary. Üçünji orunda – Gazagystan ýerleşdi (3 müň 526,29 tonna, 3,9 mln amerikan dollary).
Azerbaýjanyň Hökümetiniň karary bilen 2022-nji ýylyň 1-nji fewralyndan 1-nji iýuny aralygynda ýurda AI-95 we AI-92 awtomobil benzinini getirmekligiň gümrük salgytlaryny 15%-den 0-a çenli peseltdi. Netijede 2022-nji ýylyň birinji alty aýynda Azerbaýjan AI-92 belgili benziniň importyny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 30 esse artdyrdy.