«Gazpromda» hasaplamaklaryna görä, geljek gyşda gazyň bahalary Ýewropada müň kub metri üçin dört müň dollara ýetip biler. Kompaniýanyň telegram-kanalynda ýerleşdirilen çaklamada bellenilişi ýaly, «Ýewropanyň sport biržalarynda gazyň bahalary 2 müň 500 dollardan geçdi. Konserwatiw bahalandyrmalara görä, eger-de tendensiýa saklanda gyşda bahalar müň kub metrine 4 müň dollardan geçer».
Energetika we maliýe institutynyň energetika departamentiniň ýolbaşçysy Ýuriý Rykowyň Sputnik radiosynyň ýaýlymynda belleýşi ýaly, spot meýdançasynda bahalaryň ýokarlanmak ýörelgesi — ýeterlik derejede durnukly. «Gaz eýýäm dört müň dollar görkezijä bardy, dogrusy, gysga wagtlyk» - diýip ol ýatlatdy.
Onuň pikirine görä, biržada bahalary diňe çen bilen çaklap bolýar.
«Adatça, bahalar ýokarlanyp başlanda, ol beýleki faktorlary öz içine alýar. Umuman aýdylanda, gyş üçin gaz ýetmez diýlip çaklansa, onda bahalar düýpli ýokarlanar. Emma şol wagtda ýewropanyň senagatynda meseleler ýüze çykyp başlanda, isleg aşaklap başlar we dürli ýollar bolup biler (bahalaryň hereketi)»- diýip Rykow düşündirdi.
Müň kub metrine üç müň dollarda Ýewropanyň senagaty möhüm meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolar diýip, bilermen pikirlenýär.
«Eger-de, şeýle ýagdaý dowam etse, meniň pikirimçe, Ýewropada çökgünlik gutulgysyz bolar we senagat çäklenip başlar. Çünki bu ol bu bahalara eýgermez» - diýip Rykow belledi.