Balkan welaýatynda uglewodorodlaryň önümçiligini artdyrmak meýilleşdirilýär

Balkan welaýatynda uglewodorodlaryň önümçiligini artdyrmak meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň esasy nebitgaz toplumy bolan Balkan welaýatynda 2025-nji ýyla çenli tebigy gazyň çykarylyşyny ýylda 11 mlrd kub metre çenli artdyrmak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysady howplardan goranmak boýunça Agentligiň Ykdysady howplary analiz etmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Hangeldi Gurbangeldiýew türkmen metbugatyna beren teswirinde belledi.

Tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak bilen bir wagtda Balkan welaýatynda gaz kondensatynyň alnyşyny 10,5 mln tonna çenli ýetirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem 2025-nji ýylda sebitde awtomobil benzininiň önümçiligini 29%, dizel ýangyjynyň 20,4%, çalgy ýaglarynyň önümçiligini bolsa üç esse artdyrmak meýilleşdirilýär.

Bu giň gerimli meýilnamalar ýurdy ösdürmegiň uzakmöhletleýin durmuş-ykdysady maksatnamalarynda ýurduň nebitgaz toplumynyň öňünde goýuldy diýip, H.Gurbangeldiýew belleýär.

Uglewodorodlaryň çykarylyşynyň we taýýar nebit önümleriniň önümçiligini artdyrylmagy öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna gazanylmaly.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993