“Türkmennebit” döwlet konsernine 2309 tonna dürli ölçegli buraw turbalaryny satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň “KING EASE LIMITED” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.
Degişli resminama Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.
Wise-premýer Ş.Abdrahmanow nebitgaz toplumyny zerur serişdeler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, «Dürli ölçegli buraw turbalaryny satyn almak hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Turba önümlerini nebit we gaz guýularyny düýpli abatlamak işlerinde ulanmak göz öňünde tutulýar.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitgaz ýataklaryny ýokary depginde özleşdirmek, täze guýulary burawlamak bilen birlikde, bu toplumy döwrebap enjamlar hem-de himiki serişdeler bilen üpjün etmek üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutany degişli Karara gol çekip, ony wise-premýere iberdi hem-de bu resminamanyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.