«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy seýsmiki barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, 3D ölçegli geofiziki enjamlar toplumyny satyn almagy meýilleşdirýär.
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy üçin 3D ölçegli geofiziki enjamlar toplumyny satyn almak boýunça alnyp barylýan işler barada Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer Ş.Abdrahmanow habar berdi.
Bellenilişi ýaly, uglewodorod serişdelerine baý meýdançalary ýüze çykarmak babatda seýsmiki barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, geofiziki işleriň netijeleri boýunça alnan maglumatlary işläp geçmek üçin täze 3D ölçegli geofiziki enjamlary satyn almak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, degişli şertnamany baglaşmak meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň netijeli işlemegini üpjün etmegiň onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak hem-de önümçilik kuwwatyny artdyrmak, nebitgaz ýataklarynyň ulanylýan guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýän ylmyň gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen gönüden-göni baglydygyny belläp, wise-premýere bu örän möhüm pudagy yzygiderli diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda anyk görkezmeleri berdi.