Duşenbe güni, 29-njy awgustda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 18,1 mln amerikan dollaryna we 416,4 müň türkmen manadyna barabar bolan 7 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habarlar agentligi habar berýär.
Beýik Britaniýadan, BAE-den we Wirgin adalaryndan gelen işewürler ТС-1 awiasion kerosininiň 13,4 müň tonnasyny satyn aldylar. Ýangyjyň bahasy deslapky söwdalaşyklar bilen deňeşdirilende 3,9%e deň bolup, tonnasy 1227,25 dollara deň boldy. Geleşigiň umumy bahasy 16,5 mln dollardan geçdi.
Azerbaýjanyň we Owganystanyň işewürleri «Marykarbamid» zawodynda öndürilen ýokary derejeli «B» karbamid mak satyn aldylar, onuň tonnasynyň bahasy 434,50 dollara deň. Onuň bahasy soňky söwdalar bilen deňeşdirilende 1,8% aşaklady. Umumylykda eksporta 1,7 mln dollarlyk 4 müň tonna önüm ýerlenildi.
Içerki bazarda ýerli işewürler 414 müň manatlyk ýokary dykyzlykdaky T60-475-119 kysymly 23 tonna polietilen we 2,4 müň manatlyk el halylaryny satyn aldylar.