Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Katar Döwletiniň Daşary işler ministri Muhammed ben Abdel Rahman Al Tani bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Katar Döwletine resmi saparynyň gurnalmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Gepleşikleriň çäginde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ugurlarynyň giň gerimi boýunça pikir alşyldy. Ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň oňyn häsiýeti bellenilip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy görkezijisiniň ýokary derejedäki gepleşikler bolup durýandygy aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda taraplar Türkmenistanyň Prezidentiniň Katar Döwletine resmi saparynyň gurnalmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Daşary işler ministrleri Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-katar Hökümetara toparynyň işiniň wajyplygyna aýratyn ünsi çekdiler we onuň üçünji mejlisini ýakyn wagtda geçirmek barada ylalaşdylar.
Syýasy-diplomatiki hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen iki ýurduň DIM-leriniň ýolbaşçylary şu ýylyň güýzüniň ahyryna çenli Türkmenistanyň we Kataryň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleriň gurnalmagynyň zerurdygyny nygtadylar.