Dünýäde gaza bolan isleg 40 mlrd kub metre çenli azaldy — «Gazpromyň» ýolbaşçysy

Dünýäde gaza bolan isleg 40 mlrd kub metre çenli azaldy — «Gazpromyň» ýolbaşçysy

Dünýäde gaza bolan isleg şu ýylyň 8 aýynda 40 mlrd kub metre çenli azaldy. Şonuň 30 mlrd-a golaýy ÝB ýurtlarynyň paýyna düşdi, bu dünýä boýunça islegiň peselmeginiň 73%-ine deň boldy diýip, «Gazpromyň» ýolbaşçysy Alekseý Miller habar berdi diýip, Ria Nowosti ýetirýär.
«Daşary ýurt kadalaşdyryjylarynyň energetike syýasaty dünýä boýunça gaza bolan islegiň peselmegine getirdi. Şu ýylyň sekiz aýynda dünýäde gaza bolan isleg 40 mlrd kub metre çenli azaldy. Geliň, bu ýagdaýyň nirde bolup geçendigine seredeliň. 30 mlrd kub metr gaz Ýewropa bileleşiginiň 27 döwleti tarapyndan çäklendirildi. Bu dünýä isleginiň 73%-ine deň. Beýik Britaniýa bilen bilelikde bolsa, 85%» diýip, Milleriň sözleri Nebit we gaz senagatynyň işgärleriniň gününe bagyşlanan mejlisiň stenogrammasynda getirilýär.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993