Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we arzanlama dowam edýär

Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we arzanlama dowam edýär

Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we sentýabryň birinji gününde hem aşaklamagyny dowam edýär.
Interfaksyň bellemegine görä, geçen aýyň netijeleri boýunça Brent nebiti 12,3%, WTI-9,2% aşaklady. Şol bir wagtda otrisatel depgin bassyr üçünji aý hasaba alynýar. Bu 2020-nji ýylyň birinji ýarymyndan bäri iň dowamly döwürdir.Brent nebitiniň noýabrdaky fýuçersleriniň bahasy Londonyň ICE Futures biržasynda penşenbe güni barreli 95,18 dollara deň boldy. Ol deslapky söwdalaşyklardan 0,48% aşakdyr. Çarşenbe güni söwdalaşyklaryň netijeleri boýunça şertnamalar 2,3% aşaklap, 95,64 dollara deň boldy.WTI-niň oktýabrdaky fýuçersleri Nýu-Ýorkuň elektron söwdalar biržasynda barreli 89,08 dollara deň boldy. Bahalar deslapky söwdalaşyklardan 0,52% aşaklady. Öňküsi gün bahalar 2,3% aşaklap, 89,55 dollara deň boldy.Dünýäniň iri Merkezi banklary tarapyndan pul-karz syýasatynyň berkidilmegi netijesinde dünýä ykdysadyýetiniň çökgünlik howatyrlanmasy, şeýle hem Hytaýda hereket edýän koronawirus çäklendirmeleri bahalara basgy edýär diýip, Bloomberg agentligi belleýär.«Ykdysadyýetiň ýagdaýy bilen bagly howatyrlanmalar — bu nebit bazarynyň aşaklamagynyň esasy sebäbi» diýip, WTRG Economics-iň energetika bazarlary boýunça analitigi Jeýms Uilýams belleýär.«OPEC islegiň geljegi babatda howatyrlanmalaryny beýan edýär we şol bir wagtda guramanyň wekilleri kwotalary peseltmek hakynda meseläni gozgaýarlar. Çökgünlik mümkinçiligi häzir OPEC-iň garaýyşlarynda möhüm orny eýeleýär» - diýip, bilermen belleýär.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993