«Demirgazyk akymy» gaz geçirijisiniň togtamagynyň dowam etmegi netijesinde Ýewropada gazyň spot bahasy 30%-e golaý ýokarlanyp, müň kub metrine 2900 dollara ýetdi diýip, Interfaks habar berýär.
TTF-niň ýakyndaky fýuçersiniň bahasy ICE Futures biržasynda duşenbe güni söwdalaryň açylmagy bilen müň kub metrine 2855 dollara çenli ýokarlandy, anna güni bahalar 2213 dollarda saklandy.
«Demirgazyk akymy» gaz geçirijisi tehniki idegden soň işläp bilmedi. Siemens hereketlendirijilerinde ýag syzmasy ýüze çykaryldy we bu näsazlyk diňe zawod abatlaýyşynda aradan aýrylyp biler. Siemens hereketlendirijileriniň abatlanylmagy diňe Monrealdaky zawodda mümkin, Kanada bolsa «Gazprom» babatda çäklendirme girizdi.
«Siemens kompaniýasynyň bu günki gün biziň gaz daşaýjy agregatlarymyzyň yzygiderli düýpli abatlaýyş işlerini üpjün etmäge hiç hili mümkinçiligi ýok diýen ýaly. Siemens kompaniýasy bu işleri asla hiç ýerde geçirip bilmeýär» - diýip, «Gazpromyň» müdirliginiň başlygy Alekseý Miller belledi.