ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen tarapynyň wekillerini Halkara nebitgaz sergisine we forumyna gatnaşmaga çagyrýar (ADIPEC-2022). Forum BAE-de Abu-Dabide 2022-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan 3-nji noýabry aralygynda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär.
Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasy tarapyndan guralýan ADIPEC forumy energetika pudagynyň ýokary derejeli hünärmenleriniň dünýä derejesinde netijeli meýdançalarynyň biri bolup durýar.
ADIPEC – 2022 bir ýerde energetikanyň syýasatşynaslaryny, liderlerini we pudagyň hünärmenlerini duşuşar, olara ekoulgama täsir edýän soňky tendensiýalar, şol sanda geosyýasy üýtgemeler, ösüp barýan dünýä ykdysadyýeti, energo tygşytlylyk we indiki nesliň energiýa çözgütleri barada pikir alyşmaga mümkinçilik döredip berer
ADIPEC – 2022 forumy arassa energetika geçişi tizleşdirer, uglerodsyz geljegiň hakyky gymmatlygyny ýüze çykarar, täzeçil tehnologiýalary görkezer.