Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Gonkongyň we Owganystanyň wekilleri umumylykda 7,4 müň tonna gidro arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar, onuň umumy bahasy 7,3 mln dollara barabar boldy. Harydyň bahasy öň geçirilen söwdalar bilen deňeşdirilende 11% aşak düşüp, tonnasy 997,25 dollara deň boldy.
Türkiýeden we Owganystandan gelen telekeçiler Л-0,2-62 kysymly dizel ýangyjynyň 10 müň tonnasyny satyn almak boýunça geleşik baglaşdylar, onuň umumy bahasy 9,5 mln dollar. Nebit önüminiň bahasy öňki baglaşylan şertnamalar bilen deňeşdirilende 16,7% aşaklap, tonnasy 953,25 dollara deň boldy.