Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
«Gazpromyň» we CNPC-niň ýolbaşçylarynyň gepleşikleriniň barşynda hem habar berlişi ýaly, rus kompaniýasy Kowyktin känindäki çig malyň hasabyna 2023-nji ýylda Hytaýa ibermeleriniň möçberini artdyrmak boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirer.
«Gazpromyň» ýolbaşçysy Alekseý Miller tölegiň täze görnüşe geçmegini beýleki kompaniýalar üçin nusgalyk boljak özara bähbitli we öz wagtyndaky çözgüt diýip belledi.
Belläp geçsek, öň Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda türkmen tarapy Russiýanyň öndürijileriniň harytlaryny satyn almak hakyndatürkmen manadynda töleg geçmek boýunça geleşik baglaşdy.