Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen BAE-niň Abu-Dabi ösüş gaznasy bilen bilelikde dünýä tejribesine laýyklykda döredilen «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistandan işewürleri hyzmatdaşlyga çagyrýar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.
Neşirde bellenilişi ýaly, «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ÝGPJ ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge gönükdirilen taslamalary maliýeleşdirmäge mümkinçilik berýär.