Wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparynyň çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Saud Ösüş gaznasynyň baş ýerine ýetiriji direktory (CEO) Sultan bin Abdulrahman Al-Marshad bilen duşuşygynda energetika, gaz himiýasy senagaty, oba we suw hojalygy hem-de saglyk saklaýyş ulgamyndaky ösüş boýunça maýa goýum taslamalaryna degişli meseleleri maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesini we Türkmenistanda ösüş taslamalary üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny aýratyn nygtadylar.
Türkmen tarapy bilelikdäki hereketleriň iki dostlukly ýurduň arasyndaky özara bähbitli maýa goýum hyzmatdaşlygynyň täze derejä çykmagyna itergi berjekdigine ynam bildirdi.