Eni kompaniýasynyň ýolbaşçylary Brent nebitiniň 2022-nji ýylda binýatlyk bahasynyň çaklamasyny 80 dollardan 105 dollara çenli ýokarlandyrdy we ýylyň jemleri boýunça öz nebit we gaz önümçiliginiň çaklamasyny ýaramazlaşdyrdy diýip, Interfaks habar berýär.
2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Eni kompaniýasy tarapyndan nebitiň we gazyň çykarylyşy günde 1,6 mln barrel nebit ekwiwalentine deň boldy, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2% azdyr diýlip, kompaniýanyň hasabatynda aýdylýar.
Pese düşme Hazar turbageçiriji konsorsiumy eksport turba geçirijisindäki adatdan daşary ýagdaý ýaly garaşylmadyk wakalar sebäpli bolup geçdi. Bu hadysalar Gazagystanda önümçiligiň möçberlerine täsir etdi, içerki garşylyklaryň gaýtadan bat almagy zerarly Liwiýada zawodlaryň togtadylmagy, şeýle hem Nigeriýada dawalaryň ösmegi muňa täsir etdi.
Kompaniýa boýunça nebit önümçiligi günde 760 müň barrele deň boldy, bu 2021-nji ýylyň birinji ýarymy bilen deňeşdirilende 5% aşakdyr. Gazagystanda, Nigeriýada we Liwiýada önümçiligiň çäklendirilmegi Angolada, Alžirde we Italiýada önümçiligiň artdyrylmagy bilen üsti ýetirildi, şeýle hem OPEC+ boýunça önümçilige çägiň gowşadylmagy netijesinde amala aşyryldy.
Täzelenen meýilnamalara laýyklykda, Eni tarapyndan ýylyň jemleri boýunça uglerodlaryň çykarylyşy öňki çaklamadaky 1,7 mln b/g bilen deňeşdirilende 1,67 mln b/g derejede bolmagyna garaşylýar.