2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy

2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy

2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.

Iki ýurduň Liderleriniň duşuşygynyň materiallarynda bellenilişi ýaly, energetika ulgamynda işjeň hyzmatdaşlyk dowam edýär. «Gazprom» türkmen tebigy gazyny satyn almagyny dowam edýär (şertnama boýunça ýylda ortaça 5,5 mlrd kub metr, 2021-nji ýylda 10,6 mlrd kub metr gaz satyn alyndy)».

Şeýle hem habar berlişi ýaly, RF bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara haryt dolanyşygy ABŞ-nyň 865,1 mln dollaryna barabar boldy.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993