Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler

Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.

ŞHG sammiti 15-16-njy sentýabrda Samarkand şäherinde geçiriler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sammite hirmatly myhman hökmünde gatnaşar.

Şeýle hem çärä ŞHG agza döwletleriň — Hindistanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň, şeýle hem synçy döwletleriň — Belarusuň, Eýranyň we Mongoliýanyň Baştutanlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Garaşylyşy ýaly, ŞHG-niň sammitiniň hormatly myhmanlary hökmünde Türkmenistanyň Prezidentinden başga-da, Ermenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Liderleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Kremlde ŞHG sammitiniň çäklerinde ýigrimä golaý resminamanyň gol çekilmegine garaşylýar. Hususan-da, bu esasan özara hasaplaşyklarda milli walýutalaryň paýyny barha güýçlendirmäge gönükdiriler.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993