Prezident Serdar Berdimuhamedow ŞHG sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana bardy

Prezident Serdar Berdimuhamedow ŞHG sammitine gatnaşmak üçin Özbegistana bardy

15-nji sentýabrda irden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine iş sapary bilen bardy. Sammit 15-16-njy sentýabrda geçiriler.

Özbek Lideriniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidentini Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Aripow we beýleki resmi adamlar garşy aldylar.

Maksatnama laýyklykda, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti «Hazret Hyzr» toplumyna baryp görer, şeýle hem Özbegistanyň öňki Prezidenti Yslam Karimowy hatyralamak çäresine gatnaşar.

15-nji sentýabrda şeýle hem köpsanly ikitaraplaýyn duşuşyklar meýilleşdirildi. Agşam ŞHG-niň resmi çäreleri başlanar diýip Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat sekretary Samarkantda brifingde aýtdy.

ŞHG-niň sammitiniň esasy çäreleri 16-njy sentýabrda Samarkandyň täze syýahatçylyk merkezi bolan «Beýik Ýüpek ýoly» merkeziniň kongresler merkezinde Şawkat Mirziýoýewiň başlyklygynda geçiriler.

Samarkant sammitinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri, ŞHG-ni ösdürmegiň amaly ugurlary we ileri tutulýan wezipeleri maslahatlaşylar. Halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alşylar. Duşuşyklaryň netijesi boýunça ŞHG-niň işjeňligini giňeltmäge ýardam etjek resminamalaryň toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993