Hormatly adamlar,
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň potratçylar üçin 2022-nji ýylda № 2 Açyk gapylar güni
Senesi: 2022-nji ýylyň 22-23-nji sentýabry
Wagty: 08:00 sag. – 13:00 sag.
Geçiriljek ýeri: Gyýanly şäherçesi, Ýerüsti gaz terminalynyň sport zaly (ÝGT)
«PÇ (T) SB» kompaniýasy sizi potratçylar üçin Açyk gapylar gününe gatnaşmaga çagyrýar; biz gyzykly sergileri we şu aşakdaky ugurlar boýunça pikir alyşmak üçin sessiýalary geçireris:
Nebit çykarmak
Tehnologiki we önümçilik kynçylyklary
- Monoetilenglikolyň regenerasiýasy (MER)
- Gaýtadan ulanmak, çäklendirmek, galyndylary gaýtadan işlemek
- Sanly tehnologiýalar
Tehniki döwrebaplyk
- Döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalar üçin inžinering hyzmatlary
- Gözegçilik we talap maksatnamasy
- Iki walentli duzy aýyrmak boýunça Desga üçin çözgüt (DSRU)
Tehniki hyzmat
- Gaplary/rezerwuarlary arassalamak boýunça işler
- Gurluşyk tokaýlaryna we izolýasiýa talaplar
- Ätiýaçlyk şaýlary we olaryň dogry saklanylmagy
ZG, TH we DGG (Zähmeti goramak, tehniki howpsuzlyk we daşky gurşawy goramak)
- Halas ediş serişdeleri, Ýangyna garşy enjamlar boýunça talaplar
- ZG, TH we DGG dolandyryş ulgamy we şertnamalary baglaşmakda onuň ulanylyşy
- «PÇ (T) SB» kompaniýasynda işleri ýerine ýetirmekde howpsuzlyk ulgamy boýunça maglumatlary alyş-çalyş etmek
Logistika
- Ibermeler üçin netijeli logistika
- Logistika boýunça iş ugry
Çäräniň geçiriljek ýerine kompaniýaňyz barada doly maglumatlary getirmegiňizi haýyş edýäris.
Eger-de siz gyzyklanma bildirýän bolsaňyz, onda kompaniýaňyz barada maglumatlary şu elektron salga pctsb_registration@petronas.com «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň potratçylar üçin 2022-nji ýylda № 2 Açyk gapylar güni» sözbaşy bilen 2022-nji ýylyň 20-nji sentýabryna 12:00-a çenli ugratmagyňyzy soraýarys.
Giriş tölegsiz.