Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar

Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar

Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.

21-nji sentýabra çenli dowam etjek sergide ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda gazanylan üstünlikler, döwlet we hususy düzümleriň önümleri görkeziler.

Hökümet mejlisiniň barşynda bellenilişi ýaly, serginiň çäklerinde täze önümler, maýa goýum taslamalary, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda geljekki uly ösüş maksatnamalary bilen tanyşdyrmak boýunça çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. 

Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylar hem-de uly üstünliklere ýetilýär.

Sergileriň guralmagy gazanylan üstünlikleri görkezmek üçin amatly mümkinçilik bolup, bazar meýillerine baha bermegiň, onda öz eýeleýän ornuňy kesgitlemegiň oňaýly usulydyr diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993