Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Senagat önümçilik desgalarynyň çig mal üpjünçiligini yzygiderli pugtalandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, aýratyn-da, Balkan welaýatynyň çäklerinde degişli gözleg we seljeriş işleri alnyp barylýar. Şunda ylmyň gazananlarynyň, täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagyna, ýüze çykarylan känleriň senagat taýdan özleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, şol bir wagtyň özünde toplumyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak meselelerine häzirki zamanyň ösen tejribesi esasynda çemeleşilmelidigini aýtdy. Şunda ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak we sanly ulgamy işjeňleşdirmek meseleleriniň ähmiýetlidigini belläp, döwlet Baştutany toplumyň edara-kärhanalarynyň, önümçilik düzümleriniň kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň wajypdygyna ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.