Türkmenistanyň Prezidenti «Buried Hill Energy» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti «Buried Hill Energy» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Buried Hill Energy» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň Ýerine ýetiriji başlygy Piter S.Kallosy kabul etdi. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.

Piter Kallos köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda netijeli işleýän “Buried Hill Energy” kompaniýasynyň Hazar deňziniň türkmen kenarynda geljegi uly uglewodorod ýataklaryny işläp geçmek hem-de nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli milli işgärleri taýýarlamak boýunça mundan beýläk-de ysnyşykly hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Serdar Berdimuhamedow uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň energiýa serişdelerini çykarmak we eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda yzygiderli çykyş edýändigini nygtady.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993