«Türkmengaz» suwuklandyrylan gazyň önümçiligini artdyrmaga taýýarlanýar

«Türkmengaz» suwuklandyrylan gazyň önümçiligini artdyrmaga taýýarlanýar

«Türkmengaz» döwlet konserni suwuklandyrylan gazyň önümçiligini artdyrmak üçin maddy-tehniki enjamlary we serişdeleri satyn alar. Munuň üçin degişli ygtyýar berýän resminama Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-tehniki enjamlary we serişdeleri satyn almagy hakynda» Kararyň taslamasyny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow hödürledi.

Bellenilişi ýaly, bu maddy-tehniki enjamlar we serişdeler “Türkmengaz” döwlet konserniniň Bagajanyň gazy arassalaýan we suwuklandyrylan gazy öndürýän desgasyny doly kuwwatyna çykarmak arkaly “Bagaja” gaz käninde tebigy gazyň çykarylyşyny hem-de suwuklandyrylan gazyň möçberini artdyrmaga ýardam berer.

Döwlet Baştutany nebitgaz senagatynyň durnukly we netijeli işiniň bu pudagyň düzümleriniň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak, tehnikalary we enjamlary täzelemek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen gönüden-göni baglydygyny belledi.

Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993