Türkmenistanyň DIM-inde türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň DIM-inde türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Katar Döwletiniň Tütkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Muhammed Meshel Al-Otaibi bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Katara boljak sapary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Döwletara gatnaşyklary ösdürmekde iň ýokary we ýokary derejedäki saparlaryň örän uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Katar Döwletine saparynyň amala aşyrylmagynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Belläp geçsek, 2017-nji ýylyň martynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakynda Hökümetara Ähtnama gol çekildi. Türkmen wekiliýeti Kataryň iri maliýe we maýa goýum düzümlerini Türkmenistanda maýa goýum taslamalaryny — Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň, gazy gaýtadan işleýän, nebithimiýa we gazhimiýa toplumlarynyň  gurluşygy, Hazar deňziniň türkmen kenarynda  durmuşa geçirmäge çagyrdy. 

Öz gezeginde duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady we maýa-goýum hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi bilen bagly meseleler maslahat edildi.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993