Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Russiýa» Sammitine we GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşine gatnaşmak üçin Gazagystana bardy

Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Russiýa» Sammitine we GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşine gatnaşmak üçin Gazagystana bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine hem-de «Merkezi Aziýa – Russiýa» Sammitine gatnaşmak üçin we döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna bardy. Şenbe güni Türkmenistanyň Baştutanynyň Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň maksatnamasy başlanar diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Türkmen Liderini Astananyň Halkara howa menzilinde garşy alan Gazagystanyň premýer-ministri Alihan Smailowyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, 14-nji oktýabrda Serdar Berdimuhamedow GDA döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine, günüň ikinji ýarymynda bolsa, «Merkezi Aziýa – Russiýa» Sammitine gatnaşar.

15-nji oktýabrda Gazagystana ilkinji döwlet saparynyň barşynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen ikiçäk görnüşde hem-de iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýar.

Ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça bilelikdäki resminamalara gol çekilmegine garaşylýar.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993