Türkmenistanyň wekiliýetiniň Katar Döwletine iş saparynyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-katar gatnaşyklaryny giňeltmek meseleleri maslahatlaşyldy diýip, duşenbe güni türkmen DIM-niň saýty habar berýär.
Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew ýolbaşçylyk etdi.
Katar Döwletiniň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Soltan bin Saad Al-Muraiki bilen duşuşykda taraplar syýasy diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary derejeli saparlaryň döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ähmiýeti barada aýratyn bellenildi.
Şunuň bilen birlikde, söhbetdeşler maýa goýumlary we ulag ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygyň ilerledilmeginiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler. Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekiliýetiniň we Katar Döwletiniň Energetika ministrliginiň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda energetika pudagynda özara bähbitli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagy boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda maýa goýum taslamalary boýunça meseleler ara alyp maslahatlaşdylar.