Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň sişenbe güni geçirilen söwdalarynda umumy bahasy ABŞ-nyň 48,4 million dollaryna deň bolan 11 sany geleşik hasaba alyndy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Wirgin adalarynyň, Özbegistanyň we Owganystanyň wekilleri umumy bahasy 19,9 million ABŞ dollaryna barabar bolan TC-1 awiasiýa kerosininiň jemi 19 müň tonnasyny satyn aldylar. TS-1 awiasiýa kerosininiň bir tonnasynyň bahasy 1 müň 51 ABŞ dollaryna deň boldy.
BAE-niň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri bir tonnasynyň bahasy 1 050,25 ABŞ dollaryna deň bolan gidrousulda arassalanan dizel ýangyjynyň 26,9 müň tonnasyny satyn aldylar. Şeýlelikde geleşikleriň umumy bahasy 28,2 million ABŞ dollaryna barabar boldy.
Owganystanyň wekili jem bahasy 219 müň ABŞ dollaryna deň bolan suwuklandyrylan tebigy gazyň (STG) 500 tonnasyny satyn almak üçin geleşik baglaşdy. STG-nyň her tonnasynyň bahasy 438 ABŞ dollaryna deň boldy.