Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi diýip, TDH agentligi habar berýär.

Özara ynanyşmak we işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, bar bolan kuwwaty hem-de uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, onuň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar.

Şeýle-de taraplar sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Ýokary derejeli gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993