«Türkmennebit» DK we Hybrid Innovation enjamlary ibermek üçin şertnama baglaşdylar

«Türkmennebit» DK we Hybrid Innovation enjamlary ibermek üçin şertnama baglaşdylar

«Türkmennebit» döwlet konserni we Germaniýanyň Hybrid Innovation GmbH kompaniýasy penşenbe güni «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara forumynyň çäklerinde şertnama baglaşdylar. Enjamlary ibermek boýunça şertnamanyň bahasy 6 mln ýewrodan gowrak boldy.

Hybrid Innovation GmbH kompaniýasynyň işiniň esasy ugry ýurduň nebitgaz we nebithimiýa toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär innowasion energiýa tygşytlaýjy tehniki toplumlary ibermek bolup durýar.

Kompaniýa zawodlary we kärhanalary enjamlaşdyrmak ulgamynda iň häzirki zaman çözgütleri hödürlemek bilen Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýar.

Şol gün «Türkmennebit» DK şeýle hem Dragon Oil we Shandong kerui petroleum kompaniýalary bilen şertnamalara gol çekdi.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993