Türkmenistanyň we Pakistanyň parlamentara gatnaşyklary energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilişine ýardam eder

Türkmenistanyň we Pakistanyň parlamentara gatnaşyklary energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilişine ýardam eder

Ikitaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Muhammad Sadik Sanjrani bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy diýip, TDH agentligi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan we Pakistan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.

Şol bir wagtda ýurtlaryň ikisi-de sebitde amala aşyrylýan iri energetika hem-de kommunikasiýa taslamalaryna işjeň gatnaşýarlar. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny, şeýle-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň taslamasyny görkezmek bolar. 

Umumy pikire görä, bu uly möçberli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi tutuş sebitiň durmuş-ykdysady, düzümleýin ösüşine täze itergi berip, parahatçylygyň, durnuklylygyň baş şertini emele getirer.

Şunda Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek arkaly kanunçylyk ulgamynda tejribe alşylmagyna, parlamentarileriň yzygiderli duşuşyklarynyň, geňeşmeleriniň guralmagyna uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara hyzmatdaşlygyň döwletlerimiziň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň üstüni ýetirjekdigine pugta ynam bildirildi.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993