«Hazarüsti gaz geçirijisi gün tertibinden aýrylanok». Bu barada Türkmenistanyň wise-premýeri Şahym Abdrahmanow Abu-Dabide ADIPEC maslahatynda belläp geçdi diýip, Interfaks habar berýär.
Wise-premýeriň düşündirmegine görä, bu taslama Azerbaýjanyň üsti bilen Gruziýa we ondan aňry gündogar-ýewropa ýurtlaryna gaz geçiriji gurmagy göz öňünde tutýar.
Mundan başga-da, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy dowam edýär diýip, Abdrahmanow belledi.
«Biz içerki gaz geçiriji ulgamymyzy hem ösdürýäris. Netijede, uzynlygy 800 km bolan Gündogar-Günbatar gaz geçirijisi Türkmenistanyň ähli iri känlerini birleşdirýär we ýurduň ähli eksport ugurlaryny we içerki zerurlyklaryny, şol sanda Ýewropany üpjün edip bilýär» - diýip Abdrahmanow belledi.
Wise-premýeriň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň potensial serişdeleri 71,2 mlrd tonna nebit barabarlygyna deň, şolardan 53 mlrd tonnasy gury ýerde, 18,2 mlrd tonnasy deňizde, 190-dan gowrak nebit we gaz känleri açyldy.
Iri Galkynyş gaz käniniň ätiýaçlyklary 27,4 trln kub metr gaz möçberinde bahalandyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyz Russiýa, Hytaýa we Eýrana gaz iberýär.