Napeco türkmen milli nebitgaz kompaniýasy Dubaýda ýerleşen we Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky Çeleken käninde iş alyp barýan Dragon Oil kompaniýasy bilen Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşykdan 5% paýnama aldy. Bu barada Argus garaşsyz nyrh agentligi habar berdi.
Napeco-nyň Baş direktory Maksat Pirliýewiň aýtmagyna görä, bu geleşik ýakynda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy-2022» Halkara maslahatynyň çäklerinde baglaşyldy.
Dragon Oil bilen ylalaşykdan başga-da, Napeco ýene-de iki sany türkmen taslamalaryna gatnaşýar. Kompaniýa Gündogar Çeleken käninde Mitro International bilen 2025-nji ýyla çenli Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyga eýe. Şeýle hem Napeco Gündogar Çeleken käninde potratçy hökmünde Eni italýan kompaniýasy bilen taslamadan 10% paýnama eýe.
Napeco şeýle hem BAE-de hasaba alnan, çig nebit, benzin, gaz kondensaty we beýleki nebit önümleriniň söwdasyny edýän Vitol bilen bilelikdäki kärhana eýe. Türkmen nebitinden öz paýyny kompaniýa Türkmenbaşynyň NGIZT-de gaýtadan işleýär, soňra ýaha Vitol bilen BK-nyň üsti bilen, ýa-da Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen bazara çykarýar.