Gurbanguly Berdimuhamedow «Türki dünýäsiniň ýokary ordeni» bilen sylaglanyldy

Gurbanguly Berdimuhamedow «Türki dünýäsiniň ýokary ordeni» bilen sylaglanyldy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy «Türki dünýäsiniň ýokary ordeni» bilen sylaglanyldy. TDH agentliginiň habar bermegine görä, sylagy gowşurmak dabarasy şu gün Türki Döwletleriň Guramasynyň Samarkantda geçirilen sammitiniň işi tamamlanandan soň geçirildi.

Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary tasynda Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna «Türki dünýäsiniň ýokary ordenini» gowşurdy. Bu sylag türki dilli halklaryň arasynda raýdaşlygy pugtalandyrmaga, agza döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant goşan adamlara gowşurylýar diýlip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Türki döwletleriň guramasynyň ýokary sylagy üçin minnetdarlyk bildirip, bu sylaga Türkmenistana hem-de türkmen halkyna hormat-sarpanyň nyşany hökmünde garaýandygyny nygtady.

Dabaranyň barşynda bu ýokary sylag Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana hem gowşuryldy.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993