Penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Pak Jin bilen geçiren telefon arkaly gepleşiginiň barşynda ikitaraplaýy gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Söhbetdeşlikde iki döwletiň ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçiriljek duşuşyklar barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna boljak birinji resmi sapary parlament ugry boýunça, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary boýunça döwletlerimiziň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açmakda ähmiýetiniň bardygy beýan edildi.
Taraplar şu ýylyň oktýabr aýynda Busan şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň netijelerine syn berdiler.
Türkmen daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň bu forumda başlyklygy uly jogapkärçilik we minnetdarlyk duýgulary bilen kabul edýändigini aýdyp, şu günlerden başlap 2023-nji ýylda Aşgabatda «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň nobatdaky 16-njy mejlisini geçirmäge işjeň taýýarlyga başlaýandygyny belledi.