«Döwletabat» käninde gazy bökdençsiz ibermek üçin enjamlary abatlamak meýilleşdirilýär

«Döwletabat» käninde gazy bökdençsiz ibermek üçin enjamlary abatlamak meýilleşdirilýär

Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň gaz generatorlaryny düýpli abatlamak barada şertnama baglaşmagy hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Döwletabat-3” hem-de “Döwletabat-2A” gazy gysyjy desgalarynda ornaşdyrylan gaz generatorlaryny zawod şertlerinde düýpli abatlamak işlerini geçirmek barada şertnama baglaşmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi “Döwletabat” gaz käninden çykarylýan tebigy gazy içerki sarp edijilere hem-de daşarky bazarlara bökdençsiz we ygtybarly ibermäge ýardam eder.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň geljegi uly pudaklarynyň biri bolan nebithimiýa senagatyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we birnäçe tabşyryklary berdi.

Wise-premýer şeýle hem «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda çalgy ýaglaryny öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, çalgy ýaglaryny öndürmekde zerur bolan serişdeleri satyn almak maksady bilen, halkara bäsleşik geçirildi.

Prezident hasabaty diňläp, uglewodorod çig malyny düýpli, galyndysyz işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýän döwrebap tehnologiýalary, bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa gazhimiýa önümlerini öndürmegiň we olaryň görnüşlerini giňeltmegiň innowasion usullaryny işjeň ulanmagyň wajypdygyny belläp, wise-premýere Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň kärhanalaryny tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça işi dowam etdirmegi tabşyrdy. 

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993