Tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyryny koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda gurmak meýilleşdirilýär

Tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyryny koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda gurmak meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň iri kompaniýalarynyň wekilleri bilen Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça zawodyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy boýunça gepleşikleri geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna 28-29-njy noýabrda amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Hyundai Engineering kompaniýasynyň baş direktory Hong Hön Sung hem-de LX International Corp. kompaniýasynyň prezidenti Ýun Çun Son bilen geçiren gepleşikleriniň barşynda aýtdy diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanyň ýangyç-energetika ulgamynda gaýtadan işleýän senagatyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigi nazara alnyp, Koreýäniň iri kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa ýangyç öndürýän önümçilik toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna girişilmegi häzirki döwrüň möhüm wezipesi hökmünde kesgitlenildi.  

Koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanda iş alyp barmaklary üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nazara alyp, işewürler meýilleşdirilen taslamalary durmuşa geçirmek, şol sanda nebitgaz, himiýa senagaty, ýangyç-energiýa serişdelerini gaýtadan işlemek ulgamynda taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdiler. Şol bir wagtda, «Hyundai Engineering» we «LX International Corp.» kompaniýalary üçin geljegi uly türkmen bazarynda iş alyp barmagyň uly hormatdygy bellenildi.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993