Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň energetika ministri bilen energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň energetika ministri bilen energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Ali Akbar Mehrabianyň arasynda geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Baştutanynyň iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri netijeli türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň okgunly ösdürilýändigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Hökümet wekiliýetleriniň özara saparlarynyň möhüm ähmiýetiniň bardygy nygtaldy. Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Eýran Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar we daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.

Şunuň bilen baglylykda, EYR-nyň energetika ministriniň Aşgabada saparynyň çäklerinde meýilleşdirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň ählumumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirildi.

Bellenilişi ýaly, hyzmatdaşlyk birnäçe pudaklar boýunça işjeň ösdürilýär. Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy tebigy serişdelere baý bolmak hem-de çäk taýdan amatly ýerleşmek bilen, daşary ykdysady, energetika we üstaşyr ulag ugurlarynda özara gatnaşyklar üçin oňyn mümkinçilikleri üpjün edýär.

Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň ägirt uly serişde we ykdysady mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek babatda gatnaşyklaryň has işjeň guralyny işläp taýýarlamagyň zerurdygy bellenildi. Şunda anyk netijelere gönükdirilen türkmen-eýran gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmeginde bilelikdäki hökümetara toparyň işine möhüm orun degişlidir.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993