Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny başlamak zerurlygy barada Talibanlaryň hökümetinde dag senagaty we nebit ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Şahabuddin Delawar TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň ýeine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow hem-de Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezow bilen duşuşykda belledi.
Uzynlygy 1814 km we kuwwaty ýylda 30 mlrd kub metr tebigy gaz bolan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň çäginde badalga aldy. Bu gaz geçirijisi Aşgabada gaz eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmaga mümkinçilik berer, Kabula bolsa sosial meselelerini çözmek üçin serişdeleri berer. Yslamabat we Deli bolsa energiýa ýetmezçiliginiň öwezini dolar. TOPH taslamasyna gyzyklanmasyny owgan Häkimiýetine geçenden soň, Talibanlar hereketi hem mälim etdi.
Şahabuddin Delawaryň belleýşi ýaly, «bu taslamany durmuşa geçirmek arkaly Owganystanda köpsanly täze iş orunlary we maýa goýumlar dörär. Owganystan howpsuzlyk nukdaýnazaryndan amatly ýagdaýda ýerleşenligi sebäpli, biz bu mümkinçiligi peýdalanmaly we TOPH taslamasyny mümkin boldugyndan tiz başlamaly» diýip Owganystanyň dag magdan we nebit ministrligi habar berýär.
Ministr şeýle hem TOPH taslamasyny iň iri ykdysady we durmuş taslamalarynyň biri diýip atlandyrdy.
Öz gezeginde, Muhammetmyrat Amanow taslamanyň durmuşa geçirilişi barada aýtmak bilen, Türkmenistan TOPH boýunça praktiki işleriň tiz wagtda başlamagyna gyzyklanma bildirýär diýip belledi.