Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň Sammiti 13-14-nji dekabrda «Awazada» geçiriler

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň Sammiti 13-14-nji dekabrda «Awazada» geçiriler

Hazar deňziniň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 13-14-nji dekabrda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň duşuşygy meýilleşdirildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow şenbe güni «Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligine Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde 2022-nji ýylyň 13-14-nji dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitiniň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrýan» resminama gol çekdi.

Öň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitini 2021-nji ýylyň awgustynda geçirmek meýilleşdirilýärdi. Emma Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň haýyşy bilen ol soňrakky möhletlere süýşürildi.

Sammitiň çäklerinde oňa gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe ylalaşyklara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993