Duşenbe güni Söwda-senagat edarasynda açylan türkmen-amerikan işewürlik maslahatynda söwda we maýa goýumlar ulgamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy.
Senagat ulgamynda, oba hojalygynda, milli obasenagat we suw hojalygy üçin tehnikalary ibermekde söwda-maýa goýum işleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Forum «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär. Geňeş ştab kwartirasy Waşingtonda ýerleşen söwda däl guramadyr. Ol ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösmegine ýardam edýär.
Türkmen tarapyna 60-dan gowrak kompaniýa we döwlet düzümi, amerikan tarapyna — Boeing, Case New Holland, John Deere, Visa, Smartmatic, Oxbow, Niklaus Companies, UGT Renewables kompaniýalarynyň wekilleri wekilçilik etdi.
«Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň alyp barýan işi hem-de uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda onuň eýeleýän orny baradaky meseleler aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem forumyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we hususy kärhanalarynyň wekilleriniň ABŞ-nyň işewür toparlary bilen duşuşyklary geçirildi.