Türkmenistan we Azerbaýjan halkara bazarlaryna, hususan-da, ýewropa bazarlaryna energiýa serişdeleri ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmagyň tarapynda çykyş edýärler. Bu barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşygynda belledi.
Energetika pudagynda hyzmatdaşlyk üçin hem iki ýurduň arasynda geljegi uly mümkinçilikler bardyr. Bu ugurda biziň garaýyşlarymyz birmeňzeşdir: Türkmenistan bilen Azerbaýjan energiýa serişdelerini halkara bazarlara, hususan-da, Ýewropa ugruna ibermegiň ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda çykyş edýär» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.«Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde özleşdirmek üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama 2021-nji ýylyň ýanwarynda gol çekilmegi, hakykatdan-da, ajaýyp waka boldy. Bu ýagdaý Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hazar deňzinde energetika babatda hyzmatdaşlyk etmeginde düýbünden täze tapgyr bolup durýar» - diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.Azerbaýjanyň parlamentiniň spikeriniň Türkmenistana sapary Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň 14-nji dekabrda Hazaryň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän ilkinji üçtaraplaýyn sammitiň öň ýanynda amala aşyryldy. 13-nji dekabrda 3 sany ministrler duşuşygy meýilleşdirildi: daşary işler, ulag we energetika ministrleri.