Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär

Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär

Pakistanyň Hökümeti gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady. Bu barada Pakistan today neşiri habar berýär.
Neşiriň maglumatlaryna görä, gyzyklanma bildirýän taraplar bilen geňeşmelerden soň, Kwettadaky gümrük gullugy (Belujistanyň paýtagty) Çamandaky serhediň üsti bilen suwuklandyrylan nebit gazyny import etmegiň meýilnamasyny Federal salgyt gullugyna iberdi. Pakistanyň federal hökümeti Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça uly ädim etdi we şu maksat bilen gaz daşaýjylary getirmek boýunça rugsatnama taýýarlanylýar.Garaşylyşy ýaly, owgan daşaýjylary Çamandaky serhetden boş pakistan awtosisternalary suwuklandyrylan nebit gazy bilen doldurmak üçin Turgunda Türkmenistan bilen serhet geçiriş nokadyna getirerler we pakistan daşaýjylaryna gowşurarlar. Olar ýüki Pakistanda zerur nokatlara ýetirerler.Pakistan today-iň salgylanýan resminamalarynda üç sany meýilnama görkezilýär — golaýdaky, gysga möhletli we uzak möhletli. Birinji meýilnama haýal durmuşa geçirilip başlanar. Gysga möhletli meýilnama üçin sekiz aýa çenli, uzak möhletli meýilnama üçin – bir ýyl gerek bolar. Uzak möhletli meýilnama suwuklandyrylan nebit gazyny pakistan awtoýangyç dolduryjylaryna ýüklemek üçin beketleri gurmagy meýilleşdirýär

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993