Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi

Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi

Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.

Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda: “Bütindünýä bileleşigi tarapyndan beýik gymmatlyk hem-de ählumumy taglymat hökmünde ykrar edilen Bitaraplygymyzyň baş maksady adamzadyň we geljegiň bähbitlerine gönükdirilen parahatçylyk, dostluk ýörelgeleri esasynda bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy goramakdyr. Şu nukdaýnazardan, Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşen döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňemegine we dostlukly gatnaşyklaryň ösmegine kuwwatly itergi berdi” diýip belleýär.

Baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzdaky Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy geçirildi. Oňa Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Şeýle hem geçirilen dabara Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriňdir pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda işleýän ilçileri, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralarynyň çäginde Aşgabatda “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahaty hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy geçirildi.

Şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden ýaýbaňlandyryldy.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993