Türkmenistanda dizel ýangyjynyň bahasy — dünýäde iň arzanlarynyň biri. Muňa GlobalPetrolPrices portaly tarapyndan düzülen dünýä boýunça dizel ýangyjynyň bahalarynyň reýtingi şaýatlyk edýär.
Onuň maglumatlaryna görä, Türkmenistan bir litr dizel ýangyjynyň bahasy 0,390 dollar bilen sanawda dokuzynjy orunda ýerleşýär.
Dizel ýangyjynyň iň arzan ýurdy Eýran — bir litri 0,011 dollar. Ilkinji üçlüge şeýle hem Wenesuela we Liwiýa girdi, degişlilikde, 0,016 we 0,031 dollar.
Dünýä boýunça dizel ýangyjynyň bir litriniň ortaça bahasy 1,33 dollar.